Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Masud Pezeşkian bilen duşuşdy

  • 12.10.2024 12:33
  • 7.4k+

11-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Açyklyk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli meseleler, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Bu ugurda iki ýurduň parlamentara dostluk topary hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde uly orun eýeleýän bu toparyň mejlislerini yzygiderli geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu düzümlerde birek-biregiň başlangyçlaryna goldaw bermek asylly däbe öwrüldi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki wagta bu gatnaşyklar durnukly ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga-da aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary aýratyn nygtamak bolar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilendigi we Eýranyň wekilleriniň bu çärelere işjeň gatnaşandygy üçin eýran tarapyna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......