Amerikaly ýetginjek “Tetrisi” geçmek boýunça täze rekord goýdy. Ol 255-nji derejä ýetdi

  • 11.10.2024 15:42
  • 11k+

ABŞ-dan 16 ýaşly Maýkl Artiaga “Tetrisiň” 255 derejesini tamamlady, şondan soň oýun täzeden başlady diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Geçen ýekşenbe güni ol Nintendo wersiýasynda oýnap, Twitch-de göni ýaýlymy alyp bardy. dogplayingtetris ady bilen oýnaýan amerikaly ýetginjek 82 minutda 255 derejäni tamamlady. Neşir oýunçynyň oýnuň 155-nji derejeden soň ýalňyşlyk bermeýän Nintendo Entertainment System (NES) konsoly üçin döredilen wersiýasyny ulanandygyny belleýär.
Şeýlelikde, ýetginjek “Tetrisi” täzeden başladan taryhda ilkinji adam boldy.

“Men bu oýnuň gutarandygyna diýseň begenýärin. Men indi bu oýny hiç haçan oýnasym gelmez” – diýip, neşir Maýklyň sözlerini getirýär.

Mundan öň, Oklahomadan 13 ýaşly Uillis Gibson “Tetris” oýnunyň asyl wersiýasyny ahyryna çenli geçen dünýäde ilkinji adam boldy. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda oýnuň 157-nji derejesine ýetdi, şondan soň oýun mundan beýläkki programma kodunyň ýoklugy sebäpli togtady.


şu gün 09:29
2.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....