ABŞ-dan 13 ýaşly mekdep okuwçysy dünýäde ilkinji bolup Tetris oýnunyň ähli derejelerini tamamlady

  • 04.01.2024 17:14
  • 20k+

ABŞ-nyň Oklahoma ştatyndan 13 ýaşly Uillis Gibson “Tetris” wideo oýunlarynyň soňky derejesini tamamlan taryhda ilkinji adam boldy. BBC habarlar gullugynyň habaryna görä, ozal muny diňe emeli aň edip bilýärdi.

Sowet inženeri Alekseý Požitnow tarapyndan 40 ýyl ozal döredilen bu oýny 157-nji derejä çenli geçip bolýar. Oklahomaly okuwçy hut şonça derejäni tamamlandy. Ol oýnuň 157-nji derejesine ýeten pursadyny YouTube kanalynda ýerleşdirdi, şondan soň oýun ýalňyşlyk bar diýip görkezýär we doňýar. Oýnuň ähli derejelerini tamamlamak üçin Uillise 38 minut ýeterlik boldy.
Oýnuň düýp manysy: oýunçy ýokardan gaçýan “gurluşyk bloklaryny” keseligine hatara düzmeli. Arasy boşluksyz hatar düzülen badyna, ýitýär, şoňa bal berilýär.
Öňki professional oýunçylar diňe gipertapping diýlip atlandyrylýan usuly ulanyp, “Tetrisde” 30-njy derejä ýetip bilýärdiler. Ol dolandyryjy düwmelerini ep-esli ýokary tizlikde basmaga mümkinçilik berýär.
“Tetris” SSSR-de oýlanyp tapylandan bäş ýyl soň bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. 1989-njy ýylda oýun Nintendo platformalarynda, şol sanda göçme Game Boy-da çykdy. Häzirki wagtda ol pristawkalarda, kompýuterlerde, planşetlerde we ykjam telefonlarda elýeterlidir.


şu gün 09:29
2.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 00:57
5.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....