ABŞ-dan 13 ýaşly mekdep okuwçysy dünýäde ilkinji bolup Tetris oýnunyň ähli derejelerini tamamlady

  • 04.01.2024 17:14
  • 20k+

ABŞ-nyň Oklahoma ştatyndan 13 ýaşly Uillis Gibson “Tetris” wideo oýunlarynyň soňky derejesini tamamlan taryhda ilkinji adam boldy. BBC habarlar gullugynyň habaryna görä, ozal muny diňe emeli aň edip bilýärdi.

Sowet inženeri Alekseý Požitnow tarapyndan 40 ýyl ozal döredilen bu oýny 157-nji derejä çenli geçip bolýar. Oklahomaly okuwçy hut şonça derejäni tamamlandy. Ol oýnuň 157-nji derejesine ýeten pursadyny YouTube kanalynda ýerleşdirdi, şondan soň oýun ýalňyşlyk bar diýip görkezýär we doňýar. Oýnuň ähli derejelerini tamamlamak üçin Uillise 38 minut ýeterlik boldy.
Oýnuň düýp manysy: oýunçy ýokardan gaçýan “gurluşyk bloklaryny” keseligine hatara düzmeli. Arasy boşluksyz hatar düzülen badyna, ýitýär, şoňa bal berilýär.
Öňki professional oýunçylar diňe gipertapping diýlip atlandyrylýan usuly ulanyp, “Tetrisde” 30-njy derejä ýetip bilýärdiler. Ol dolandyryjy düwmelerini ep-esli ýokary tizlikde basmaga mümkinçilik berýär.
“Tetris” SSSR-de oýlanyp tapylandan bäş ýyl soň bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. 1989-njy ýylda oýun Nintendo platformalarynda, şol sanda göçme Game Boy-da çykdy. Häzirki wagtda ol pristawkalarda, kompýuterlerde, planşetlerde we ykjam telefonlarda elýeterlidir.


19.11.2025 13:49
8.3k+

80 ýaşly amerikaly aýal IRONMAN çempionatynyň iň uly ýaşly gatnaşyjysy boldy

80 ýaşly amerikaly aýal Natali Grabou Kaýlua-Konada (Gawaýi) geçirilen IRONMAN dünýä çempionatynyň iň uly ýaşly gatnaşyjysy boldy. Onuň ady Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Grabou gyzlaryň guramaçylykly sport bilen meşgullanmak mümkinçiligi az bolan döwürde ulaldy, ýöne goýalyşan ýaşda ol işjeň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip başlady...

19.11.2025 12:11
2.5k+

Melburnda 374 sany wolynkaçy meşhur AC/DC sazyny çalyp, rekord goýdy

Awstraliýanyň Melburn şäherinde bir wagtyň özünde 374 sany wolynkaçy AC/DC-iň “It’s a Long Way to the Top” aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Öňki rekord bolgariýaly 333 sazanda degişli bolup, 2012-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi diýip, APNews habar berýär...

16.11.2025 23:10
9.7k+

Şweýsariýaly daýwer buz astyna 56 metr çuňluga çümüp, rekord goýdy

Şweýsariýaly daýwer Waldemar Bruderer demini saklap, buz astyna çuňluga çümmek boýunça rekord goýdy. Ol ýörite esbap we gidrokostýum bolmazdan 56 metr çuňluga ýetdi diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi...

16.11.2025 17:15
7.3k+

Tibetde 416 ýaşly üzüm çybygy ösýär: Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Tibetde tapylan 416 ýaşly üzüm agajy dünýäde iň gadymysy diýlip ykrar edildi. Ösümlik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Uzak ýaşan bu agaç Gündogar Tibet daglarynda, Dzogang etrabynyň Zuoba obasynda, 2400 metr belentlikde ýerleşýär...