Messi bilen duşuşygyň guramaçylygynyň pes bolmagy Hindistanda janköýerleriň nägileligine getirdi

  • 14.12.2025 10:46
  • 21k+

Lionel Messiniň täjirçilik saparynyň çäklerinde Hindistanyň Kalkutta şäherindäki Vivekananda Yuvabharati Salt Lake stadionyna barmagynyň dowamlylygynyň gysga wagtlyk bolmagy, onlarça müň futbol janköýerleriniň tertipsizlik döretmegine getirdi. Bu barada India Today neşiri habar berdi.

Janköýerleriň aglabasy petek üçin ep-esli pul sarp edipdiler. Iň arzan bilet 5 müň hindi rupiýasyna barabar bolup, bu, takmynan, 55 dollara deň. Iň gymmat bilet 280 dollara ýetýär. Janköýerler çäräniň guramaçylygynyň pes bolmagyna nägilelik bildirdiler.
Lionel Messi meýdançada bary-ýogy 10 minutlyk peýda boldy we onuň daş-töweregini şol bada syýasatçylar, döwlet wekilleri, meşhur şahsyýetler, olaryň maşgala agzalary we žurnalistler gurşap aldy. Adamlaryň üýşmegi sebäpli howpsuzlyk gullugy meýilleşdirilen meýdança boýunça hormat aýlawyny ýatyrmaga mejbur boldy, bu bolsa Messiniň janköýerler bilen gatnaşygyny ep-esli çäklendirdi. Tiz wagtdan futbolçy güýçli goragyň astynda beýleki ýokary wezipeli adamlar bilen bilelikde stadiony terk etdi.
Messiniň meýdançadan gidendigi belli bolandan soň, münberlerde bidüzgünçilik ýüze çykyp başlady. Öz söýgüli futbolçysyny görmek üçin ençeme aý garaşan janköýerler nägile boldy. Stadiona ir bilen gelen gaharly adamlar meýdança zat zyňyp, mahabat diwarlaryna zyýan ýetirdi. Tertibi ýola goýmak üçin howpsuzlyk gullugynyň işgärleri goşulmaly boldy.

“Düýbünden ýaramaz çäre. Ol bary-ýogy 10 minutlyk geldi. Ony ýokary wezipeli adamlar gabap aldy. Biz hiç zat görmedik. Ol ýekeje gezek hem top depmedi, penalti urmady. Şonça pul, emosiýa we wagt biderek sarp edildi” – diýip, ANI neşiri nägile bolan janköýerleriň sözlerini getirýär.

Wakadan soň Günbatar Bengaliýa ştatynyň baş ministri Mamata Banerji Messiden we janköýerlerden ötünç sorady. Ol çäräniň guramaçylygynda kemçiliklere jogapkär adamlary anyklamak üçin derňew geçirmäge wada berdi.
Messi “ähli döwürleriň iň beýik oýunçysynyň saparynyň” (GOAT) çäklerinde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä hem barar. Onuň ýanynda “Inter Maýamidäki” ýoldaşlary Luis Suares we Rodrigo de Paul bar.
Mundan öň Messi Kalkuttada wideoaragatnaşyk arkaly öz şanyna dikilen 21,3 metrlik ýadygärligiň açylyşyna gatnaşdy.


şu gün 14:15
7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......