Hindistanda Messiniň uly ýadygärligi açylar: dabara futbolçynyň özi gatnaşar

  • 13.12.2025 17:42
  • 17k+

Şenbe güni Kalkuttada (Hindistan) futbolçy Lionel Messi öz şanyna gurlan 20 metrlik ýadygärligi açar diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Hindistan boýunça üç günlük saparyň dowamynda argentinaly futbolçy «Inter Maýamidäki» klubdaşlary Luis Suares we Rodrigo De Paul bilen bilelikde Haýdarabada, Mumbaýa we Delä barar.
Janköýerler Messiniň ýörite fan-zolagyna baryp biler. Bu ýerde futbolçynyň tagtda oturan doly göwrümli heýkeli goýuldy, onuň daş-töweregi bolsa gazanan kuboklary bilen bezeldi. Mundan başga-da, Messiniň Maýamidäki jaýynyň nusgasy döredilip, oýunçynyň we maşgalasynyň manekenleri balkonda oturan görnüşde goýuldy.
Heýkeliň resmi açylyşy 70 000 tomaşaça niýetlenen Kalkuttadaky Solt-Leýk stadionynda bolar. Soňra ol 2017-nji ýylda açylan Diego Maradonanyň heýkeliniň ýanynda ýerleşdiriler.
Ekspozisiýa janköýerlere «Altyn topuň» sekiz gezek eýesiniň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempionynyň karýerasy we durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu sapar «Inter Maýami» klubunyň halkara çäreleriniň çäklerinde geçirilýär we Hindistanyň dürli şäherlerinde köp sanly janköýerleri özüne çekýär. 


şu gün 14:15
7k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.6k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.4k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......