Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi

  • 15.12.2025 23:17
  • 32k+

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dabaranyň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri hem-de olaryň tälimçilerini sylaglamak hakyndaky buýrugyny okady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.
Dabaranyň barşynda döwlet Baştutany dürli abraýly halkara ýaryşlarynda we dünýä çempionatlarynda çykyş edip:

  • III orna we bürünç medala mynasyp bolan türgenleriň her birine 40 000 (kyrk müň) manat möçberde pul baýragyny;
  • II orunlary eýeläp, kümüş medallara mynasyp bolan türgenleriň her birine 70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýä derejeli ýaryşlarda kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçileriň her birini 70 000 (ýetmiş müň) manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady.
Dabaranyň esasy pursatynda Serdar Berdimuhamedow dünýä derejeli ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri sylaglady. Döwlet Baştutany olaryň her birine 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy.
Şeýle hem dünýä derejeli ýaryşlarda altyn medala mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçileriň her birine-de 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açarlary gowşuryldy.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.3k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......