Baýramdurdy Nurmuhammedow Dubaýda geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

  • 16.12.2025 11:01
  • 16k+

Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana bürünç medal getirdi. Dubaýda geçirilen bu ýaryş dünýäniň iň güýçli türgenlerini jemläp, Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda möwsümiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.

Ýarym final tapgyrynda türkmen boksçysy Russiýanyň wekili Sergeý Koldenkowdan utuldy.
Bu agram derejesiniň finalynda Koldenkow gazak türgeni Abilaýhan Žusupowdan ýeňildi.
Dubaýda geçirilen dünýä çempionaty diňe bir ýokary bäsdeşlik derejesi bilen däl, eýsem uly baýrak gaznasy bilen hem tapawutlandy. Baýrak gaznasynyň umumy möçberi 8,32 million amerikan dollaryna deň boldy. Her bir agram derejesinde ýeňijiler 300 müň dollar, kümüş medalyň eýeleri 150 müň dollar, bürünç medal gazananlar bolsa 75 müň dollar baýrak aldylar.


22.06.2026 17:52
5k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

15.06.2026 15:36
3.4k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......