60 ýyllap ýatan Aston Martin DB5 dikeldişden soň müňlerçe esse gymmatlady

  • 09.12.2025 21:46
  • 14k+

60 ýyla golaý wagt bäri sürülmän duran Aston Martin DB5-iň bahasy müňlerçe esse gymmatlady.

Şol bir eýesinde 50 ýyldan gowrak wagt bäri duran, 1965-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB5 kupesiniň bahasy doly derejeli dikeldişden soň müň esseden hem köp gymmatlady. Bu seýrek gran-turýeriň taryhy barada Aston Martin-iň özünde gürrüň berdiler.
1973-nji ýylda britaniýaly Jon Uilliams bu ulagy 900 funt sterlinge (şu günlerdäki baha bilen, takmynan, 15 000 funt, bu-da takmynan 20 000 amerikan dollaryna deň) satyn aldy.
Şol wagt kebşirleýji we awtoulag mehanigi Jon bary-ýogy 19 ýaşyndady. Bu onuň arzuwlan ulagydy. Ony satyn almak üçin bir ýyllap tygşytlady we iş wagtyndan artyk işledi. Jeýms Bond baradaky filmlerde surata düşürilenden soň meşhurlyga eýe bolan bu awtoulagy eýesi dört ýyllap yzly-yzyna sürdi.
1977-nji ýylda Uilliams Ýakyn Gündogarda işe ýerleşdi we öz öýüniň girelgesindäki ýodajykda DB5-ni goýup, ony konserwirledi. Ulag 50 ýyla golaý durup, gözgyny ýagdaýa düşdi. Eýesi kupeni şeýle ýagdaýa düşürendigine utanandygyny aýdyp, ony dikeltmek kararyna gelendigini belledi.
2022-nji ýylda Uilliamslaryň maşgalasy Aston Martin Works bölümçesine ýüz tutdy. Dikeldiş üç ýyl dowam etdi we 2500 adam-iş sagady sarp edildi. Works bölümçesiniň prezidenti Pol Spaýers dikeldişiň ep-esli wagt alandygyny, sebäbi awtoulagyň örän ýaramaz we könelip giden ýagdaýda bolandygyny belledi.
Dikeldişden soň awtoulagyň bahasy, takmynan, 1 million funt sterlinge (takmynan 1,3 million dollar) ýetdi. Ýöne welin, kompaniýada "şeýle tolgundyryjy pursatda awtoulagyň bahasy barada gürrüň etmegiň gelşiksizdigini" aýtdylar.
Dikeldilen ulag gaty seýrek modifikasiýa hasaplanýar: 1963-nji we 1965-nji ýyllar aralygynda öndürilen DB5-leriň diňe 39 sanysy Silver Birch reňke boýalypdyr, islege görä Vantage hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylypdyr we roly sag tarapda bolupdyr.

düýn 19:45
877

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

düýn 09:17
1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.3k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....