Mikrotolkunly peçler geçmişde galar: Xiaomi iýmit gyzdyrmak üçin eplenýän tagtany çykardy

  • 11.10.2024 12:17
  • 7.5k+

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy adaty bolmadyk Mijia Foldable Food Warming Board aşhana enjamyny çykardy. Bu ykjam gajet, mikrotolkunly pejiň ornuny tutup biler diýip, Gizmochina ýazýar.

Tagtada 5 ýyladyş režimlerinden (40°C-den 130°C-e çenli) birini saýlap iýmiti tabakda durka gyzdyryp bilersiňiz. Şeýle-de onuň üstüne çäýnek ýa-da bulgur hem goýup bolýar.
Enjam deň ýylylyk paýlanyşyny üpjün edýän grafen ýyladyş gatlagy bolan üç aýna panelden durýar. Tagta 130°C çenli gyzyp, suwy 4 minutda gaýnadyp bilýär. Enjamyň özüni 100°C çenli gyzdyrmak üçin bary-ýogy 10 sekunt gerek.
Tagtanyň esasy aýratynlygy, onuň eplenip bilmegindedir. Enjamyň esasyndaky aerogel izolýasiýasy, ýylylygy stola geçirmeýär, bu bolsa onuň ulanyş howpsuzlygyny kepillendirýär. Şeýle hem tagta sensor dolandyryş paneli we kiçi taýmerli ekran bilen üpjün edilendir.
Mijia Foldable Food Warming Board 23-nji oktýabrda Hytaýda satuwa çykarylar. Täze önümiň bahasy 64 dollar, bu bolsa adaty mikrotolkunly peçlerden has amatlydyr.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...