Gurbanguly Berdimuhamedow Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy

  • 11.10.2024 08:47
  • 6.1k+

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Baştutanynyň Türkmenistana amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmagynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary medeni-ynsanperwer ugurda has-da ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Mongoliýanyň Prezidenti häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň açyklyga, birek-birege hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýandygyny aýdyp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, bu ugurda ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy.


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......