BMW 5 we 7 Series modellerini, şeýle hem i5 we i7 elektrik ulaglaryny öz içine almak bilen 1000 töweregi ulagynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Muňa dolandyryş howpsuzlygyna täsir edip biljek dest (rul) şpindelleri bilen baglanyşykly ýüz çykyp biljek näsazlyklar sebäp boldy diýip, 32Cars.ru habar berýär.
Bu kemçilik ruluň goşa şarniri bilen baglanyşykly bolup, rula agram düşüp zeper ýetende heläkçilik döremek töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Awtoulag eýeleri näsazlyk ýüze çykanda adaty bolmadyk sesi ýa-da ruluň geň hereketini duýup bilerler.
Kemçilikli şarnirler Polşanyň Nexteer Automotive kompaniýasy tarapyndan öndürilip, materialyň düzümini üýtgedendigi üçin has ýuka çykypdyr. Näsazlyklaryň ýüze çykarylandygyna garamazdan, şu wagta çenli bu kemçilik bilen baglanyşykly hadysalar barada habar ýok.
BMW-niň derňewi 2024-nji ýylyň iýun aýynda zawodda ilkinji kemçilikli şpindel tapylanda başlandy. Yza çagyrylýan awtoulaglaryň eýelerine noýabr aýynyň ortalarynda habar ýetiriljekdigi bellendi. Kompaniýanyň söwda delallary näsaz detallary mugt çalşarlar.
Awtoulagyň kemçiligini barlamak üçin kompaniýa BMW-niň resmi web sahypasynda VIN koduny ulanmagy teklip edýär.