BMW II çärýekde girdejisini 7% ýokarlandyrdy

  • 05.08.2023 11:51
  • 6680
BMW II çärýekde girdejisini 7% ýokarlandyrdy

Bayerische Motoren Werke AG ikinji çärýekde girdejisini 7% ýokarlandyrdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, geçen çärýek onuň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 34,77 mlrd ýewro bilen deňeşdirilende, 37,22 mlrd ýewro boldy. BMW-niň çärýekdäki arassa girdejisi 2,9% - 3,05 mlrd ýewrodan 2,96 mlrd ýewro çenli azaldy. EBIT 26,8%, 4,34 mlrd ýewro çenli azaldy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Geçen çärýek BMW, MINI we Rolls-Royce awtomobilleriniň satuwy 626,7 müň birlik boldy, bu bolsa geçen ýylyň ikinji çärýegindäki derejeden 11,3% ýokarydyr. Elektromobil satuwy 2,2 esse ýokarlanyp, 88 289 birlik boldy, olaryň umumy satuwdaky paýy bolsa bir ýyl ozalky 7,2%-den 14,1%-e çenli artdy. BMW motosiklleriniň satuwy 8% - 64,94 müňe çenli ýokarlandy.
Ikinji çärýekde awtomobil segmentinde EBIT maržasy bir ýyl ozalky 8,2%-e garşy 9,2% boldy. Öň, kompaniýa 2023-nji ýyl üçin bu görkeziji boýunça çaklamasyny 8-10%-den 9-10,5%-e çenli ýokarlandyrdy.
BMW häzirki 2 mlrd ýewro göwrümli paýnamalary yzyna satyn almak programmasyny 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryndan gijä galman tamamlamagy göz öňünde tutýar.


12.04.2023 15:08
14107

BMW birinji çärýekde elektromobil satuwyny 83% ýokarlandyrdy

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG (BMW) awtoöndürijisi ýanwar – mart aýlarynda 64 647 elektromobil satdy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 83% köpdür diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde...

04.11.2022 12:31
10811

BMW III çärýekde awtomobil bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde girdejisini 35% artdyrdy

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG awtoöndürijisi awtomobil satuwynyň birneme peselmeginiň öwezini dolmaga mümkinçilik beren üstünlikli baha syýasaty netijesinde üçünji çärýekde arassa girdejisini we girdejisini...

düýn 07:31
3412

Apple-iň bazar bahasy 3 trln dollara gaýdyp geldi

Apple tehnologiýa korporasiýasynyň bazar bahasy 3 trln dollara gaýdyp geldi. Muny NASDAQ amerikan biržasynyň söwda maglumatlary delillendirýär diýip, lenta.ru habar berýär. 5-nji dekabrda geçirilen söwdanyň jemi...

05.12.2023 21:29
3231

Dünýäde akylly sagatlaryň bazary üçünji çärýekde 9% ýokarlandy

Akylly sagatlaryň global bazary 2023-nji ýylyň III çärýeginde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9% ösüş görkezdi. Bu barada Counterpoint Research gözleg firmasynyň Global Smartwatch Model Tracker gözleginde habar...