BMW III çärýekde awtomobil bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde girdejisini 35% artdyrdy

  • 04.11.2022 12:31
  • 11k+
BMW III çärýekde awtomobil bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde girdejisini 35% artdyrdy

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG awtoöndürijisi awtomobil satuwynyň birneme peselmeginiň öwezini dolmaga mümkinçilik beren üstünlikli baha syýasaty netijesinde üçünji çärýekde arassa girdejisini we girdejisini ýokarlandyrdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Iýul – sentýabr aýlarynda onuň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 2,58 mlrd ýewro ýa-da paý üçin 3,89 ýewro bilen deňeşdirilende, 3,18 mlrd ýewro ýa-da paý üçin 4,25 ýewro boldy.
Salgyt we göterim töleglerinden öň gazanylan düşewünt (EBIT) 2,88 mlrd ýewrodan 3,68 mlrd ýewro çenli ýokarlandy. Çärýek girdeji 35,2% ýokarlanyp, 37,18 mlrd ýewro ýetdi. BMW, MINI we Rolls Royce awtomobilleriniň global satuwy ýyllyk aňlatmasynda 0,9% azalyp, 587 744 birlige barabar boldy.
Motosiklleriň satuwy 5,7% - 51 778 birlige çenli ýokarlandy. Iýul – sentýabr aýlarynda awtomobil önümçiligi 14,5% ýokarlanyp, 613 047 awtomobil boldy.
Kompaniýa 2022-nji ýylda global awtoulag bazarynyň 4%, amerikan we Ýewropa bazarynyň 6%, ýapon bazarynyň 7% peselmegine garaşýar. Hytaýda awtomobil satuwynyň 2%, Günorta Koreýada 1% ýokarlanmagyna garaşylýar.
Ýylyň başyndan bäri BMW-niň bazar bahasy 12%, 52,82 mlrd ýewro çenli peseldi.


13.10.2024 16:01
3.2k+

Apple yzygider on ikinji ýyl iň gymmat brend bolmagynda galýar

Apple brendi eýýäm on iki ýyl bäri dünýäde iň gymmat brend bolmagynda galýar. Bu barada her ýyl Interbrand Corp. tarapyndan düzülýän Best Global Brands reýtinginiň maglumatlaryna salgylanyp, Interfax.ru habar berýär...

10.10.2024 21:24
5.4k+

BMW rul näsazlygy sebäpli awtoulaglaryny yzyna çagyrýar

BMW 5 we 7 Series modellerini, şeýle hem i5 we i7 elektrik ulaglaryny öz içine almak bilen 1000 töweregi ulagynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Muňa dolandyryş howpsuzlygyna täsir edip biljek dest (rul) şpindelleri...

05.08.2023 11:51
6.9k+

BMW II çärýekde girdejisini 7% ýokarlandyrdy

Bayerische Motoren Werke AG ikinji çärýekde girdejisini 7% ýokarlandyrdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, geçen çärýek onuň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäki 34,77 mlrd ýewro bilen deňeşdirilende...

12.04.2023 15:08
14k+

BMW birinji çärýekde elektromobil satuwyny 83% ýokarlandyrdy

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG (BMW) awtoöndürijisi ýanwar – mart aýlarynda 64 647 elektromobil satdy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 83% köpdür diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde...