BMW birinji çärýekde elektromobil satuwyny 83% ýokarlandyrdy

  • 12.04.2023 15:08
  • 14k+

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG (BMW) awtoöndürijisi ýanwar – mart aýlarynda 64 647 elektromobil satdy, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 83% köpdür diýlip, kompaniýanyň metbugat relizinde habar berilýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Görkeziji BMW, Mini we Rolls-Royce brendleriniň ulaglaryny öz içine alýar. BMW brendiniň elektromobil satuwy iki esseden gowrak (112%) ýokarlanyp, 55 979 birlige ýetdi.
BMW-niň düzümine girýän üç brendiň bilelikdäki awtomobil satuwy birinji çärýekde 1,5% azalyp, 588 138 birlik boldy. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy 2023-nji ýylyň jemi boýunça satuwlaryň sähel ýokarlanmagyna garaşýar.
BMW-niň paýnamalary sişenbe günündäki söwdanyň dowamynda 2% ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 21% ýokarlanyp, 64,89 mlrd ýewro boldy.


22.10.2025 17:53
13k+

Ilon Mask 1 trln dollar tölemeseler, Tesla-dan gitjekdigini aýtdy

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask paýdarlar 1 trln dollar möçberde täze öwez bukjasyny tassyklamasa, kompaniýadan gitjekdigini ýaňzytdy. On ýyla niýetlenen täze töleg maksatnamasy üçin paýdarlar indiki aýyň başynda ses berer...

22.08.2025 08:15
2.4k+

Xiaomi smartfonlarynyň we elektromobilleriniň satuwy bilen çärýeklik rekord girdeji gazandy

19-njy awgustda Xiaomi kompaniýasy ikinji çärýekde umumy girdejisiniň 116 mlrd ýuana ($16,1 mlrd) ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji analitikleriň öňünden çak edeninden (114 mlrd ýuan) ýokary bolup, kompaniýanyň taryhyndaky iň ýokary netije boldy...

06.04.2025 13:05
6.9k+

Counterpoint: “Mask Tesla-nyň derwezesine awtogol geçirdi. BYD-yň üstünligi bilen onuň satuwy peselýär”

BYD yzygider ikinji çärýek elektromobil satuwy boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Hytaý öndürijisi ozal üýtgewsiz agdyklyk eden amerikan bäsdeşi Tesla-ny gysyp çykarmagyny dowam etdirýär. Counterpoint Research...

18.02.2025 17:14
4.6k+

Uber taksi hyzmaty Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaş bolmagy teklip edýär

Uber-iň baş direktory Dara Hosrowşahi Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär. Ol Ilon Maskyň kompaniýasynyň girdejisini artdyryp biljekdigine ynanýar, sebäbi Uber platformasyny ulanmak has köp...