Edebiýat boýunça Nobel baýragy günorta koreýaly ýazyjy Han Gana berildi

  • 10.10.2024 17:20
  • 2.1k+

Nobel komiteti edebiýat boýunça baýragyň laureatyny yglan etdi. Şu ýyl baýrak “taryhy şikeslere garşy durýan we adamzat durmuşynyň gowşaklygyny açyp görkezýän baý şahyrana prozasy” üçin Günorta Koreýadan Han Gana berildi.  

“Edebiýat boýunça baýragyň laureaty Han Ganyň adatdan daşary durmuş wakalaryna fiziki duýgudaşlygy barha täsirli metafora stili bilen güýçlendirilýär” – diýip, Şwesiýa akademiýasynda bellenildi.

Han Gan 53 ýaşynda. Ol ýazyjy Han Synwonyň gyzy. Onuň dogany Han Dollim hem meşhur ýazyjy.
Han Gan “Seniň sowuk elleriň” (2002), “Grek diliniň sapaklary” (2011), “Ynsan etmişleri” (2014) we “Men hoşlaşmaýaryn” (2021) romanlarynyň awtorydyr, ýöne ol “Wegetarian” romany (2007) bilen uly meşhurlyk gazandy. Bu kitap üçin 2016-njy ýylda Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy.
11-nji oktýabrda Osloda parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň laureaty yglan ediler, 14-nji oktýabrda bolsa Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragy (1968-nji ýylda Şwesiýanyň Banky esaslandyrdy) kimiň alandygy belli bolar.
Nobel baýragynyň möçberi 11 mln şwed kronyna deň – häzirki hümmet boýunça 1 mln ABŞ dollaryndan geçýär.


28.01.2026 09:50
2.2k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy...

04.02.2025 19:55
4.6k+

2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň eýeleriniň yglan ediljek senesi aýdyldy

2025-nji ýylyň Nobel baýraklarynyň laureatlarynyň atlary 6 – 13-nji oktýabrda Stokgolmda we Osloda yglan ediler. Bu barada Nobel gaznasynyň metbugat relizinde habar berilýär. Karolinska institutynyň ýanyndaky Nobel...