OpenAI üçünji tarap işläp düzüjilere ses esasly emeli aň programmalaryny döretmek mümkinçiligini açdy

  • 09.10.2024 23:22
  • 1.5k+

OpenAI kompaniýasy üçünji tarap işläp düzüjileri üçin emeli aň (AI) esasly ses programmalarynyň döredilmegini aňsatlaşdyrjak täze gurallary hödürledi. Indi OpenAI dil modellerine esaslanýan ses çözgütlerini döretmek üçin ýekeje görkezme toplumyny ulanmak ýeterlik bolar diýip, 3DNews habar berýär.

Kompaniýanyň täze guraly sesi tekste öwürmegi, buýruklary seljermegi we jogaplary döretmegi, soňra bolsa jogaplary sese öwürmegi öz içine alýan ses kömekçilerini döretmek prosesini kämilleşdirýär.
Şeýle hem OpenAI, emeli aň tarapyndan döredilen jogaplaryň hilini ýokarlandyrjak uly dil modelleriniň jikme-jik sazlanmagy üçin mümkinçilikleri hödürledi. Bu proses wizual maglumatlara düşünmegiň takyklygyny ýokarlandyrmak üçin suratlaryň ulanylmagyny öz içine alyp biler.
Görkezilen gurallaryň hemmesini OpenAI-yň çäkli mukdardaky müşderileri synagdan geçirýärler.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...