SpaceX weýran bolan Dimorfos asteroidini öwrenmek üçin zond iberdi

  • 09.10.2024 18:54
  • 2.7k+

7-nji oktýabrda SpaceX kompaniýasy Ýewropa kosmos agentligi (ESA) bilen bilelikde Dimorfos asteroidini öwrenmek üçin Hera kosmiki gämisini uçurdy. Uçuş Florida ştatynyň Kosmos güýçleri stansiýasyndan Falcon 9 kysymly raketa göterijiniň kömegi bilen amala aşyryldy diýip, Space.com habar berýär.

Hera apparaty 2022-nji ýylda NASA-nyň DART apparaty tarapyndan traýektoriýasyndan aýrylan Dimorfosy öz içine alýan goşa Didim asteroidler ulgamyna tarap ugraýar.
2022-nji ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli geçirilen DART missiýasy Ýere tarap hereket edip biljek howply obýektleri sowmak ukybyny barlamagy maksat edinýär. DART apparatynyň urgusy planetar goranyş tehnologiýalaryny ösdürmekde möhüm ädim bolup, Dimorfosyň orbitasyny üýtgetdi. Indi Hera 2026-njy ýylda asteroide ýakynlaşyp, çaknyşygyň netijelerini öwrener. Apparat urgudan soň emele gelen krateri jikme-jik surata alar we onuň düzümini seljerer.

Hera zondy ýolugra 2025-nji ýylda Marsyň deňinden geçip, tizlenmek üçin onuň agyrlyk güýjüni ulanar. Oňa iki sany kiçi hemra - Milani we Juventas ýoldaş bolar, olar hem Dimorfosyň gurluşyny we üstüni hem öwrenerler.
Wezipäniň maksady - asteroid ulgamlarynyň dinamikasy baradaky düşünjäni çuňlaşdyrar we geljekde şuňa meňzeş obýektlerden abanýan howpdan goranmak strategiýasyny işläp düzmek.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......