Mark Sukerberg aýaly üçin özboluşly Porsche miniwenini döretdi

  • 09.10.2024 13:50
  • 13k+

Milliarder Mark Sukerberg öz aýaly üçin uzaldylan Porsche Cayenne Turbo GT-ni sargyt etmek üçin West Coast Customs kompaniýasyna kömek sorap ýüz tutdy. Netijede, kuwwatly Cayenne GT krossoweri miniwene öwrüldi.

Sukerbergiň aýtmagyna görä, Prissilla Çan miniwen isleýärdi, ýöne Porsche-niň şeýle kuzowly awtomobilleri satmaýandygy üçin, Sukerberg işi öz eline almaly boldy. Ol elektrik süýşürilýän gapylar bilen üpjün edilen miniweniň taslamasyny özüniň taýýarlandygyny aýdýar. Bu Porsche-ni döretmek üçin azyndan iki Cayenne gerek boldy: krossower kuzowdaky üýtgeşmeleriň hasabyna uzaldyldy. Salonda üç hatar oturgyç ýerleşdirildi.
Öň, West Coast Customs kompaniýasy Sukerbergiň sargydy boýunça mehaniki herekete getiriji guty bilen Porsche 911 GT3 Touring we üç pedally Cadillac CT5-V Blackwing awtomobillerini döredipdi. Uzaldylan Porsche Cayenne Turbo GT-niň bahasynyň näçe bolandygy belli däl, ýöne adaty modeliň ilkibaşdaky bahasy 200 000 dollardan geçýär.
Porsche Cayenne Turbo GT-ni Ýewropada ekologiýa ülňülerine laýyk gelmeýändigi sebäpli satmaýar. ABŞ-da bolsa kross-kupe 659 at güýjüni berýän hereketlendiriji bilen üpjün edilýär we ol 3,3 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyryp bilýär. Onuň esasynda döredilen miniwen göwrüm taýdan ulalyp, agyrlaşandygy üçin, dinamikligini ýitiren bolsa gerek.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
942

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......