Serdar Berdimuhamedow GDA-da «ýaşyl» ykdysadyýet üçin şertleri döretmäge çagyrdy

  • 09.10.2024 13:17
  • 3.2k+

Türkmenistan energetika ulgamynda GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.

GDA-da «ýaşyl» ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmegini, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterleriniň kemala getirilmegini hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugry hasaplaýarys. Ýurtlarymyzda bar bolan ylmy-tehnologik mümkinçilikleri herekete getirip, bilelikdäki ylmy-barlag hyzmatdaşlygy üçin şertleri döredip, bu wezipäni durmuşa geçirmäge häzirden girişmek zerurdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti wekiliýet Baştutanlaryna ýüzlenip, dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe biziň wezipämiziň GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Giň we köpugurly medeni hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzda geçirilýän iri çärelere Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy bu däpleri gorap saklamagyň hem-de ösdürmegiň netijeli ýoludyr.


şu gün 13:44
392

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

şu gün 07:42
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
9k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......