Fizika boýunça Nobel baýragy emeli aň ugrundaky ylmy gözlegler üçin berildi

  • 09.10.2024 07:42
  • 3.3k+

Nobel komiteti 2024-nji ýylda fizika boýunça baýragyň eýesini yglan etdi. Laureatlar amerikaly alym Jon Hopfild we britaniýa-kanadaly alym Jeffri Hinton boldy. Baýrak “emeli neýron ulgamlarynyň kömegi bilen maşyn biliminiň esasy bolan düýpli açyşlar we oýlap tapyşlar” üçin berildi.

Laureatlaryň ikisi-de statistiki fizika bilen meşgullandy. Bellenilişi ýaly, olaryň işi ahyrky netijede maşyn bilimi ugrunda we emeli aňyň beýleki ugurlarynda giňden ulanylýan döwrebap neýroulgamlaryň döremegine getirdi.
2024-nji ýylda Nobel baýragynyň möçberi 11 mln şwed kronyna deň – häzirki hümmet boýunça 1,06 mln dollardan geçýär.
Geçen ýyl fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Pýer Agostini, Ferens Krauz we Ann L’Ýuilýe boldy, olar adamzada “atomlaryň we molekulalaryň içindäki elektronlaryň dünýäsini öwrenmek üçin” täze gurallary berendikleri üçin sylaglandy.
2024-nji ýylda Nobel hepdeligi 7-nji oktýabrda başlady. Şol gün lukmançylyk boýunça baýragyň eýeleri yglan edildi. Olar amerikalylar Wiktor Ambros we Geri Rawkan boldy. Alymlara baýrak mikroRNK-ny açandyklary we onuň genetikadaky roluny kesgitländikleri üçin berildi. 9-njy oktýabrda himiýa boýunça baýragyň laureatlary yglan ediler. 10-njy oktýabrda edebiýat boýunça baýragyň eýesi atlandyrylar, 11-nji oktýabrda Osloda parahatçylyk baýragynyň laureaty kesgitlener, 14-nji oktýabrda bolsa şu ýyl Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragy kimiň aljakdygy belli bolar (ony 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Banky esaslandyrdy).


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....