«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi

  • 08.10.2024 23:25
  • 1.9k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Täze sanyň açylyş makalasy «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: döwlet bilen halkyň jebisligi» diýlip atlandyrylýar. Makalada taryhy mejlisden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ornuna aýratyn üns berilýär.
Üstümizdäki okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berlen Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan makala «Watanperwerligiň we merdanalygyň mekdebi» diýlip atlandyrylypdyr. Neşiriň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylýan ilkinji makalada bolsa ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen haklara sergide Arkadag şäheriniň mynasyp bolan abraýly baýraklary barada söz açylýar.
«Ylym-bilim dünýämize şamçyrag» atly makalada täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň dürli sebitlerinde açylyp, ulanylmaga berlen bilim we terbiýeçilik edaralary dogrusynda söhbet edilýär. Makalada bellenilişi ýaly, şol günlerde dostlukly Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti obasynda ulanylmaga berlen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň dünýä jemgyýetçiligine hem ýaýylýandygyny görkezýär. Edil şol sahypalarda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň geçmişine, şu gününe we geljekki mümkinçiliklerine bagyşlanan makala hem täsirli bolupdyr.
«Milli Garaşsyzlyk we ýaşlar» atly makalanyň awtory gozgalýan gürrüňi täsirli pikirleri bilen baýlaşdyrypdyr. «Pälwan pederleriň nesli» atly makalada bolsa ýaş türkmen pälwany Alp Arslan Begenjowyň täze üstünlikleri wasp edilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlaryň çykyşlary «Zamanaň bagtly ýaşlary» atly sözbaşy astynda berilýär. Neşiriň täze sanynda sentýabr aýynda geçirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanan makala hem orun berlipdir.


«Humaý saýasyny salmyş» atly makalanyň awtory Garaşsyzlyk baradaky pikirlerini sazlaşykly beýan edipdir. Hususan-da, «Ertekilerde gabat gelmejek, oýuňa-hyýalyňa-da getirip bolmajak bu bagt Garaşsyzlygyň düýp özeninden dömüp çykýandyr» diýen setirler has täsirli. Neşirde rus dilinde paýlaşylýan ilkinji makalada dünýä döwletlerinde olaryň Garaşsyzlygyna bagyşlanan binalar barada gürrüň berilýär. Ajaýyp döwrümizdäki bagtyýar çagalyk bolsa «Ajaýyp döwrümiziň gül-gunçalary» atly makalada wasp edilýär.
Okyjylar «Çagalar-biziň geljegimiz» (rus dilinde), «Ekologiýa medeniýetiniň esasy ýörelgeleri» atly makalalardan hem gyzykly maglumatlary alyp bilerler.
«Ýaşlar ylym dünýäsinde» atly tapgyryň täze makalalarynda pederlerimiziň binagärlik sungatyndaky aýratynlyklaryny ýüze çykaran we dünýäni özgertjek başlangyçlary taýýarlaýan ýaş alymlar barada gürrüň berilýär. Rus dilinde ýetirilýän indiki makalada sanly ulgamyň milli ykdysadyýeti ösdürmekdäki ornuna syn berilýär. Şol sahypalarda iňlis dilinde paýlaşylýan makalada bolsa psihologiýanyň käbir aýratynlyklary barada gürrüň berilýär.


«Okamak hemişe gerek», «Ynam güýçlimi ylym» atly makalalar ýaşlary täze maksatlara höweslendirmekde ähmiýetlidir. Okyjylar neşiriň täze sanyndan çeper döredijilige degişli eserleriň hem birnäçesini okap bilerler.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň däbine eýerilip, neşirde akyldar şahyra bagyşlanan makalalar hem orun tapýar. «Nädip baýamaly?» we «Italiýa – taryhy ýadygärlikleriň mekany» atly makalalarda hem gyzykly maglumatlar köp. Ýaşlar neşiriniň täze sanynda döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy hem ýerleşdirilipdir. Şeýle hem okyjylar kädili güýz tagamynyň taýýarlanylyşy bilen hem tanşyp bilerler.
Neşir süňňündäki eserleriň täsirliligi we kämil dizaýnerçilik işi okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.


şu gün 08:01
951

Türkmenistanda wekilçilikli häkimiýet edaralaryna saýlawlar geçirildi

29-njy martda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna, şeýle hem möhletinden öň çykyp giden Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň......

düýn 23:51
1.8k+

Aşgabatda Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi

28-nji martda Aşgabadyň «Adalat» köşgünde Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, şeýle hem welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary......

düýn 16:15
5.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

2026-njy ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny döwlet sylagy bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu karar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky......

düýn 01:12
6.1k+

2,4 müňden gowrak çaga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýaty bilen bejergi aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri, onuň goldawy bilen Türkmenistanda 758 sany operasiýa geçirildi. Arkadag......