Türkmenistanly ýetginjek-tennisçiler Katarda ýaryşda hormat münberiniň ähli gatyny eýelediler

  • 08.10.2024 14:40
  • 12k+

Türkmen tennisçileri Dohada (Katar) geçirilen 14 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Aziýanyň 3-nji ýetginjekler ýaryşynda hormat münberiniň ähli basgançagyny eýelediler. Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirilen ýaryşa 20-den gowrak döwletden, şol sanda Ýewropa, Günorta Amerika ýurtlarynyň birnäçesinden we ABŞ-dan türgenler ýygnandylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Iň ýokary bäsleşik ýekelikde oglanlaryň arasynda bolup, onda türgenlerimiziň ikisi saýlama ýaryşdan geçmeli boldylar. Majed Albluşini (Birleşen Arap Emirlikleri) – 6:0, 6:0 we Roland Guony (ABŞ) – 6:0, 6:1 hasabynda utup, saýlama tapgyrdan geçen 12 ýaşly türkmen tennisçisi Aly Geldiýew esasy tapgyra düşdi we onda ýene bäş gezek ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Katarda geçirilen ýetginjekler ýaryşynyň ýeňijisi Aly Geldiýew 7 ýaşynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň öňki ilkinji raketkasy, 2009-njy ýylda ýetginjekler Wimbldon ýaryşyna gatnaşan Anastasiýa Prenkonyň ilkinji tälimçisi Gözel Halmyradowany türgenleşdiren Türkmenabadyň 9-njy sport mekdebiniň tälimçisi Babamyrat Mamatrasulowyň elinde tennis oýnap başlady. Tejribeli halypanyň ýolbaşçylygynda erjel türgenleşikler kem-kemden milli derejede netije berip başlady. 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa çempionatynda (12 ýaşa çenli) Türkmenistanyň ýetginjekler toparynyň düzüminde ilkinji kümüş medal gazandy.


Katarda geçirilen ýaryşda ýekelikdäki baş baýrakdan başga-da, Aly Geldiýew Ýunus Annamyradow bilen bilelikde ýeňiş gazandy. Bu üstünlige çenli olar dört gezek ýeňiş gazandylar. Birinji tapgyrda A.Geldiýew we Ýunus Annamyradow Katardan Abdullah Abdullahy we Faýsal Alfahruny – 6:0, 6:0 we çärýek finalda ikinji belgili halkara jübüti Dowud Baýkuziýewi (Özbegistan) we Mario Stefan Radukany (Rumyniýa) – 6:3, 6:4, ýarym finalda üçünji belgili Timur Ahmetowy (Gazagystan) we Mithun Sendikumary (Hindistan) – 6:2, 6:4 we finalda Daniel Karwalýo Bekeri (Braziliýa) we Andreý Rakiçi (Serbiýa) – 6:3, 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.

Mary welaýatynyň 18-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy 11 ýaşly Ýunus Annamyradow daşary ýurtlarda geçirilen ýaryşda ilkinji gezek bilelikde oýnap, ýeňiş gazandy. Ol tälimçi Andreý Döwmatowyň ýolbaşçylygynda tennis bilen meşgullanýar.

Gyzlaryň arasynda hem ýekelikde oýnamakda tutuş münberi türkmen tennis mekdebiniň wekilleri eýelediler. Birinji ýeri Aşgabat şäherindäki 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 14 ýaşly 9-njy synp okuwçysy Ilima Guseýnowa, ikinji orny Mary welaýatynyň 18-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy, tälimçi Andreý Döwmatowdan tälim alýan Aýnur Annamyradowa, üçünji orny Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky 43-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy, Jennet Hallyýewadan tälim alýan Aýlar Kakabaýewa eýelediler.


10.01.2026 11:13
1.5k+

Australian Open – 2026-da tas $75 mln pul baýragy berler

Awstraliýanyň tennis boýunça Açyk çempionaty 2026-njy ýylda ýaryşyň baýrak gaznasynyň möçberini mälim etdi. Şu ýyl umumy mukdar 74,9 mln dollar (111,5 mln Awstraliýa dollary) bolar. Geçen möwsüm bilen deňeşdirilende, ýaryşa gatnaşyjylara tölegler 16% ýokarlandy...

08.01.2026 16:06
20k+

«Al-Nasr» türkmen klublaryna garşy birinji gezek oýnanok

Türkmenistanyň köp sanly futbol janköýerleri AFK Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynda "Arkadag" bilen Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" toparlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ýogsa näme, türkmen klublaryna şeýle ýokary derejedäki garşydaşlar bilen duşuşmak elmydama nesip edip durmaýar...

07.01.2026 13:31
8.5k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwalyny geçirdi

7-nji ýanwarda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 2014 – 2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu festiwala 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy diýip, federasiýada habar berdiler...

07.01.2026 13:24
20k+

Röwşen Muhadow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

«Arkadag» futbol kluby Röwşen Muhadow bilen hyzmatdaşlygyň tamamlanandygyny habar berdi. Tälimçi bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanyp, taraplar ony uzaltmazlyk barada özara ylalaşyk esasynda karara geldiler diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär...