19-njy oktýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler

  • 07.10.2024 13:40
  • 9.7k+

19-njy oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar.
Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
39-19-20,
39-19-21.


düýn 09:23
7.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşdy

Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi...

düýn 09:17
10k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B...

düýn 09:10
7.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň medeni çäreleriniň geçiriljek ýerini gözden geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine baryp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy...

düýn 08:47
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döredilen şertler bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy. Saparynyň çäklerinde...