Dünýäde iň beýik binanyň gurluşygy ýediýyllyk arakesmeden soň gaýtadan dikeldildi

  • 07.10.2024 11:21
  • 17k+

Gurluşyk işleri tamamlanandan soň beýikligi 1 kilometr boljak Jeddah Tower diňiniň gurluşygy ýediýyllyk arakesmeden soň gaýtadan dikeldildi diýip, noi.md ýazýar.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi 2018-nji ýylda togtadylypdy.
Jeddah Power häzirki wagtda dünýäde iň beýik bina bolan Dubaýdaky Burj Halifa diňinden 150 metr beýik bolar. Diň Saud Arabystanynyň ikinji uly şäheri bolan Jiddada gurulýar. Onuň taslamasyny Çikagonyň Adrian Smith + Gordon Gill Architecture kompaniýasy taýýarlaýar.


1,2 mlrd dollarlyk taslama kaşaň oteller, ofisler, gysga möhletli kärende jaýlary we kondominiumlar toplumyny öz içine alar. Binada 652 metr belentlikde dünýäde iň beýik syn ediş meýdançasy ýerleşer. Binada ösen lift ulgamy işlär – 59 sany lift myhmanlary sagatda 40 km çenli tizlik bilen gatnadar.
Bina Gyzyl deňziň kenaryndaky 20 mlrd dollarlyk uly ykdysady taslamanyň bir bölegi bolar.
Gurluşygy geljek dört-bäş ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.


düýn 19:49
2.1k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

düýn 19:36
2.9k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

25.05.2026 16:10
2k+

Time Out žurnaly Ýewropanyň we dünýäniň iň gowy medeni şäherleriniň haýsylardygyny mälim etdi

Dünýä belli Time Out žurnaly medeni durmuşy baý we ösen iň gowy şäherleriň täze sanawyny çap etdi. Bu gezekki reýtingde dünýä boýunça birinji ýere London mynasyp boldy....

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......