Marsda 12 ýyl bäri işläp gelýän Curiosity roweriniň tekerlerine uly zyýan ýetdi, emma ol şonda-da işlemegini dowam edýär

  • 06.10.2024 14:04
  • 19k+

NASA-nyň 2012-nji ýyldan bäri Marsda hereket edip gelýän Curiosity mars roweri sag ortaky tekerine uly zeper ýetdi. Mars Hand Lens Imager (MAHLI) kamerasy arkaly düşürilen soňky suratlarda teker daşkylaryndaky ýyrtylan yzlar we deşikler görünýär. Bu deşiklerden tekeriň içindäki mehanizmler açylýar diýip, Live Science habar berýär.

Muňa garamazdan enjam işlemegini dowam etdirýär.
Curiosity ilkibaşda iki ýyllyk missiýa üçin niýetlenipdi. Iki ýyla derek ol eýýäm Gyzyl planetada 4323 sol (sol=Mars güni - 24 sagat 39 minut we 35,24409 sekunt) bolup, Geýl kraterini we onuň töweregini gözden geçirdi. Bu döwürde mars roweri 32 km-den gowrak ýol geçip, Mars atmosferasynda gözlegleri geçirdi we bu ýerde ýaşaýşyň yzlaryny gözledi. Şeýle hem rower Gyzyl planetada kitap şekilli daş, mineral gül, Star Trek-iň nyşany we “başga planetalynyň” syrly gapy jaýy ýaly köp sanly “artefaktlary” tapdy.
Inžener Eşli Stroup tekere ýeten zeper uly ýaly bolup görünýänem bolsa, mars roweriniň “durnukly işlemegini” dowam etdirýändigini aýtdy. Bu zeperiň takyk haçan ýeteni  belli däl we Curiosity-iň beýleki tekerleriniň hem ýagdaýy belli däl.
Enjamlarynyň könelişendigine garamazdan, Curiosity-niň heniz işini tamamlamak niýeti ýok. Işlemegini bes eden halatynda ol Hytaýyň Zhurong-y we NASA-nyň Ingenuity dikuçary ýaly, Marsda durup galan beýleki robotlara goşular.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....