Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 9 aýyň jemi boýunça işleriniň netijelerine garaldy

  • 06.10.2024 10:43
  • 16k+

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi diýip, TDH habar berýär.
Mejlisiň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin döredilýän şertler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýtdy.
Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ähli ulgamlarda kanunylygyň berjaý edilişine berk we takyk gözegçiligiň amala aşyrmak ugrunda görlen çäreler barada hasabat berdi.
I
çeri işler ministri M.Hydyrow jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak, ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak babatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, kazylaryň netijeli işlemegi üçin döredilýän şertler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ministrligiň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin döwrebap tehniki serişdeleri we usullary ulanmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy. 
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew hasabat döwründe Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, ilata talabalaýyk hukuk kömegini bermek ugrunda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. 
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýurdumyzyň serhetleriniň üstünden geçýän ýükleriň, şol sanda üstaşyr ýükleriň kadaly geçirilmegini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri geçirilen toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti 
ýurdumyzyň howpsuzlygyny we bitewüligini üpjün etmek boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. 


düýn 23:15
1.3k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....