Sukerberg Bezosdan öňe geçip, Bloomberg-den iň baý adamlaryň reýtinginde ikinji orny eýeledi

  • 05.10.2024 17:34
  • 14k+

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg Bloomberg-iň hasaby boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny eýeledi. Ol Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan 1 mlrd dollar tapawut bilen öňe geçdi.

Sukerbergiň baýlygy Meta-nyň paýnamalarynyň rekord 582,77 dollara çenli gymmatlamagy netijesinde 206 mlrd dollara ýetdi. Onuň kompaniýadaky paýy 13%-e deň.
Meta maglumatlary işlemek merkezlerine we hasaplaýyş güýjüne işjeň maýa goýýar hem-de giňeldilen hakykat äýnegi Orion ýaly möhüm taslamalary işläp taýýarlamakda öňegidişlik gazanýar. Ýylyň başyndan bäri Sukerbergiň baýlygy 78 mlrd dollar artdy we bu Bloomberg reýtinginiň 500 gatnaşyjysynyň arasynda iň ýokary görkezijidir.
Jeff Bezosyň baýlygy 205 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Reýtingde birinji orny 256 mlrd dollar bilen Ilon Mask eýeleýär. Iň baý adamlaryň bäşligine LVMH kompaniýalar toparynyň esaslandyryjysy we prezidenti Bernar Arno (193 mlrd dollar) we Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellison hem (179 mlrd dollar) girýär.
Forbes reýtinginde ýagdaý başgaça – Sukerberg Maskdan (258,7 mlrd dollar) we Ellisondan (203,3 mlrd dollar) soň üçünji orny eýeleýär (201 mlrd dollar).


25.06.2026 20:11
3.3k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......