LVMH kompaniýasy “Formula-1-iň” täze hemaýatkäri boldy

  • 04.10.2024 22:01
  • 4.3k+

“Formula-1” çempionatynyň eýesi Liberty Media holdingi LVMH lýuks ägirdi bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň çäklerinde hyzmatdaşlyga Louis Vuitton, Moet Hennessy we TAG Heuer ýaly birnäçe meşhur brendler gatnaşar.   

Gözellik pudagynda dünýä lideri bilen “patyşalyk ýaryşlarynyň” arasyndaky şertnama indiki möwsümiň başynda güýje girer.
Şeýlelikde, TAG Heuer sagat brendi sportuň bu görnüşinde resmi hronometrçi hökmünde Rolex-iň ornuny eýelär. Bu ädim Şweýsariýa kompaniýasy bilen 12 ýyllyk hyzmatdaşlyga nokat goýar, ýöne TAG-yň “Red Bull” ýa-da Monakonyň Gran-prisi bilen häzirki şertnamasyna täsir etmez.
F1 bilen LVMH konglomeratynyň arasyndaky gatnaşyk geçen ýyl kompaniýanyň Moet Hennessy brendi Las-Wegasyň Gran-prisine hemaýatkär bolandan soň ösüp başlady.

“LVMH we Formula-1 – Liberty Media-nyň esasy gymmatlyklary bolan döredijiligiň we innowasiýanyň serhetlerini yzygiderli giňeldýän iki sany global brend. Biz geçen ýyl Las-Wegasyň Gran-prisinde LVMH öýleriniň biri bilen hyzmatdaşlyk etmekden hoşal bolduk, indi bolsa gatnaşyklarymyzy Topar bilen giňeldýäris, çünki ol biziň global hyzmatdaşymyza öwrüldi... Biz ýakyn ýyllarda Bernar we Frederik Arno bilen hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, Liberty Media-nyň prezidenti Greg Maffei belledi.


07.03.2026 17:17
991

Uniqlo Disney we Formula 1 bilen hyzmatdaşlykda futbolkalaryň kolleksiýasyny çykarar

Mart aýynyň ahyrynda ýapon brendi Uniqlo Disney we Formula 1 bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze geýim kolleksiýasyny çykarar. Hypebeast kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, kapsul setirinde ulular we çagalar üçin tematik suratly maýkalar bolar...

06.03.2026 15:42
5k+

KitKat şokoladdan hakyky ölçegdäki «Formula-1» ulagyny ýasady

Silwerstoun awtodromynda öňki awtoýaryşçy Billi Monger şokoladdan hakyky ululykdaky ulagy tanyşdyrdy. Bu üýtgeşik taslama KitKat brendiniň «Formula-1» bilen resmi hyzmatdaşlygynyň başlamagyna, şeýle-de «KitKat Formula 1 Car» atly çäkli mukdardaky süýjülikleriň çykarylmagyna bagyşlanýar...

04.03.2026 14:13
1.2k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

30.12.2024 15:04
7.1k+

Bernar Arno 2024-nji ýylda iň kşp ýitgi çeken milliarderleriň anti-reýtinginde birinji boldy

2024-nji ýylda milliarderleriň sanawynda birinji ýeri eýelän, iň iri, kaşaň önümleri öndüriji LVMH-iň baş direktory Bernar Arnonyň baýlygy 2024-nji ýylda ep-esli azaldy. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna...