Alkaras Pekindäki ýaryşyň finalynda Sinnerden üstün çykyp, ATP-niň rekordyny goýdy

  • 03.10.2024 15:43
  • 3.1k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Pekindäki ATP-500 ýaryşynyň finalynda italiýaly Ýannik Sinneri utup, ýeňiji boldy. Oýun tas 3,5 sagat dowam etdi we 6:7 (6:8), 6:4, 7:6 (7:3) hasabynda tamamlanyp, ýaryşyň taryhynda iň dowamlysy boldy. Bu barada RBK habar berýär.

Bu ýeňiş bilen Alkaras üç düşegiň ählisinde – hardda, toprakda we otda ATP-500 ýaryşlaryny utan ilkinji oýunçy boldy. Alkaras oýnuň örän deň bolandygyny we iki oýunçynyň hem ony iki setde ýeňiş bilen tamamlap biljekdigini belledi.
Bu ýeňiş bilen Alkaras 500 reýting utugyny we tas 700 müň dollar gazanyp, dünýäniň üçünji raketkasy hökmünde ornuny berkitdi.
Ispaniýaly karýerasynyň dowamynda Sinner bilen bolan 10 duşuşygyň 6-synda ýeňiş gazandy. Şu ýyl italiýaly türgen Alkarasdan “Rolan Garrosyň” we Indian-Uellsdäki (ABŞ) “Mastersiň” ýarym finallarynda utuldy.
Geçen ýyl Pekindäki ýaryşda Sinner ýeňiji bolupdy. Öň, diňe Nowak Jokowiçe bu ýerde tituly goramak başartdy.


düýn 23:43
3.9k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....