Tesla Model Y Nissan Leaf-den öňe geçip, Norwegiýada iň geçginli elektrik awtoulagyna öwrüldi

  • 03.10.2024 13:14
  • 5.8k+

Tesla Model Y uzak wagtlap öňdeligi saklan Nissan Leaf-den öňe geçip, resmi taýdan Norwegiýada iň geçginli elektrik awtoulagyna öwrüldi diýip, Electric Drives-yň maglumatlaryna salgylanýan Teslarati habar berýär.

2011-nji ýylda peýda bolan pursadyndan başlap, Nissan Leaf elektrik ulagy bazarynda esasy etalon bolupdy, emma häzirki wagtda ol ornuny Model Y ulagyna berdi. Soňky maglumatlara görä, Tesla Model Y-nyň çykan wagtyndan bäri Norwegiýada onuň 59 775 sanysy satyldy, bu 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda 58 860 birligi satylan  Nissan Leaf-iň  satuwyndan ýokarydyr.
Model Y üstümizdäki ýylyň ilkinji dokuz aýynda Norwegiýada elektrik ulaglarynyň satuwynda hem öňdeligi eýeleýär. Bu döwürde Model Y-nyň 12 578 birligi satylmak bilen, 5 318 birligi satylan Volvo EX30-dan we 4 944 birligi satylan Volkswagen ID.4-den ep-esli öňe geçdi.
Tesla Model 3  satylan 43 910 awtoulag bilen umumy satuw boýunça üçünji orunda durýar.
Model Y geçen ýyl dünýäde iň köp satylan awtoulag boldy we şu ýyl ABŞ-da iň köp satylan awtoulag bolmagy maksat edinýär.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....