And daglaryndan ýaşy 12 müň ýyl bolan mastodon galyndylary tapyldy

  • 02.10.2024 10:35
  • 6.2k+

Peruwyň çägindäki And daglaryndan arheologlar Buz eýýamynda ýaşap geçen üç mastodonyň galyndylaryny tapdylar. Galyndylaryň ýaşy 11 000 – 12 000 ýyl aralygynda diýip çak edilýär. Nusgalaryň biri has hem gymmatlydyr - mastodonyň skeleti bütewi diýen ýaly saklanyp galypdyr diýip, Reuters habar berýär.

Bu açyş Limadan 300 km uzaklykda ýerleşýän Çambara jülgesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykaryldy. Bu ýerde barlaglar 2019-njy ýyldan bäri alnyp barylýar. Alymlar bu äpet süýdemdirijileriň göçüşi barada has doly maglumat almak üçin sebitden başga-da mastodon galyndylary tapylar diýip umyt edýärler.
Mastodonlar daşyndan mamontlara meňzäpdir, ýöne ýasy kelleleri we göni gyýaklary bilen tapawutlanypdyr. Barlagçylaryň pikirine görä, haýwanlar howanyň üýtgemegi sebäpli iýmitiň we suwuň gözleginde Demirgazyk Amerikadan Günorta Amerika göçüpdirler.

“Wagtyň geçmegi bilen And daglary zynjyry ýokary galypdyr, deňiz suwy bolsa çekilipdir. Mantaro jülgesinde lagunalar galypdyr, şolar hem suw çeşmesi bolan bolmagy mümkin "- diýip, barlagçy Oskar Dias belleýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....