Türkmen biotehnologlary derini ýaşartmak üçin laktoza gelini işläp taýýarladylar

  • 01.10.2024 15:11
  • 9.2k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Biotehnologiýalar barlaghanasy adamyň ýaşy bilen baglanyşykly deri üýtgemelerini hemmetaraplaýyn düzetmäge niýetlenen laktoza gelini almagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga awtorlyk hukugyny aldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Degişli şahadatnamany Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy berdi.
Belok önümlerini almak üçin gaýtadan işlenen süýdüň takmynan 80-90 göterimi kesilen süýt bolup, onda çig mal hökmünde ulanylýan süýdüň düzümindäki möhüm komponentleriň takmynan 50 göterimi bar. Bu komponentlere ergin beloklar, laktoza, mineral maddalar, witaminler we az mukdarda zerre owran süýt ýagy girýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Biotehnologiýalar barlaghanasynyň müdiri Altyn Rahmanowanyň aýtmagyna görä, k
esilen süýdi öwrenmegiň ähmiýetini onuň galyndysyz önümçilige esaslanýan bionanotehnologiýalary ulanmagyň uly geljegi bilen baglanyşdyrýar.

- Şeýle tehnologiýalaryň döredilmegi we ornaşdyrylmagy çig malyň ähli düzüm böleklerini toplumlaýyn çykaryp almaga, gymmatly önümlere öwürmäge we daşky gurşawa çig malyň galyndylaryny ýok etmek ýa-da azaltmak arkaly daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny ýok etmäge ýa-da azaltmaga mümkinçilik berýär – diýip, A.Rahmanowa belleýär.

Pes ýygylykly ultrafonoforez arkaly derä kesilen süýt çalynsa, ol aminokislota molekulalaryna deriniň suw we belok balansyny kadalaşdyrýar, sagaldyşa we biostimulýasiýa ýardam edýär, şeýle hem öýjükleriň deňagramly fiziologiki iýmitlenmegini we çyglanmagyny üpjün edýär.
Laktozanyň özboluşly fiziki-himiki aýratynlyklary we biologiki gymmaty netijesinde oňa iým, azyk we derman senagaty ýaly pudaklarda uly isleg bildirilýär. Has täze kosmetika önümleri işläp taýýarlamak üçin kesilen süýdüň onuň esasy düzümi hökmünde ulanylmagy kosmetika pudagynda innowasion ugurlarynyň biridir.

 

 


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....