Hytaýda 7598 dronyň gatnaşmagyndaky şüweleň täze dünýä rekordyny goýdy

  • 30.09.2024 10:52
  • 9.8k+

Hytaýyň Ýanbýan-Koreýa awtonom okrugynyň asmanynda 7598 dronyň gatnaşmagynda uly şüweleň geçirildi. Okrugyň 72 ýyllygyna bagyşlanan bu şüweleň howada şol bir wagtyň özünde şekil döredýän dronlaryň sany boýunça täze dünýä rekordyny goýdy diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Çäre Shenzhen Damoda Intelligent Control Technology Co., Ltd kompaniýasy tarapyndan gurnaldy.
Täze rekord 2020-nji ýylda goýlan öňki rekorddan iki esse köp boldy, şol wagt Hytaýyň Çžuhaý şäheriniň asmanynda şekil emele getirmäge 3051 dron gatnaşdy.
Ýanbýanda dronlar Beýik Hytaý diwary, aždarha ýaly şekilleri emele getirdiler, şeýle-de ýerli medeniýetiň nyşanlaryny – azaliýa gülüni we tansçylary şekillendirdiler.
Şekilleriň görkezilişini dolandyrmak üçin her bir dronyň ýagdaýyna gözegçilik edýän bary-ýogy bir noutbuk ulanyldy. Şekiller howada azyndan 20 sekunt saklandy, ahyrky gaplaňyň şekili bolsa 37 sekunt dowam etdi.
Şüweleň tamamlanandan soň asman feýerwerkler bilen ýagtyldy. On müňlerçe adam bu şüweleňiň şaýady boldy.


18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......