Türkmenistanda "Filologiýanyň meseleleri" atly ilkinji elektron ylmy žurnal çykdy

  • 29.09.2024 18:47
  • 2.9k+

Türkmenistanda «Filologiýanyň meseleleri» atly ilkinji ylmy-usuly elektron žurnal döredildi. Ylmy neşir Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan neşir edildi. Žurnalyň birinji sany institutyň resmi saýtynda ýükläp almak üçin elýeterlidir.

Žurnalda lingwistika, edebiýaty öwreniş, okatmagyň usullary we pedagogika, şeýle hem talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik işleri çap edilýär. Üç dilde neşir edilýän žurnal çärýekde bir gezek çykar.
Žurnaly esaslandyrmak başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan goldandy we ol bilimi, ylmy we sanlylaşdyrmagy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň bir bölegine öwrüldi.
Žurnalyň redaksiýasy türkmenistanly alymlaryň makalalary bilen bir hatarda daşary ýurtly alymlaryň çykyşlarynyň bermäge çalyşýarlar, bu bolsa taslamanyň halkara häsiýetiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu çap edilýän makalalaryň ýokary ylmy derejesini saklamaga we halkara standartlaryna laýyk gelmäge mümkinçilik berýär.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......