Iki sany ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly elektron žurnallary dörediler

  • 07.09.2024 16:52
  • 6.3k+

Türkmenistanda iki sany ýokary okuw mekdebinde ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek meýilleşdirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa habar berdi diýip, TDH ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrundaky işler halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilýär, ýaş alymlaryň, talyplaryň ylmy-döredijilik işlerini has-da işjeňleşdirmek üçin sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ähli şertler döredilýär. Ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmak üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Ylmy işleri, innowasion işläp taýýarlamalaryň netijelerini ýurdumyzda we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde giňden ýaýmak maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek, olary çärýekde bir gezek elektron görnüşde türkmen, iňlis, rus dillerinde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek maksadalaýyk hasaplanýar. “Filologiýanyň meseleleri” atly elektron žurnalda filologiýanyň nazary-amaly meselelerine, dünýä dilleriniň, şol sanda türkmen diliniň taryhyna, deňeşdirme-degşirme derňewlerine, milli we dünýä edebiýatynyň taryhyna, okatmagyň usulyýetlerine, terjimeçilik işlerine bagyşlanan ýurdumyzyň hem daşary ýurtly alymlaryň, talyplaryň makalalaryny ýerleşdirmek maksat edinilýär. “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly elektron žurnalyň sahypalarynda bolsa ykdysadyýetiň, ykdysady ösüşiň nazaryýetine, innowasion ykdysadyýete, durnukly ösüşi üpjün etmegiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalary ýerleşdirip, alymlaryň, hünärmenleriň, işewürleriň, talyplaryň tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy barlaglary sanly ulgamyň üsti bilen giň köpçülige ýaýmak üçin iki sany ýokary okuw mekdebinde ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2.1k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......

06.03.2026 17:29
5.5k+

HNGU-nyň talyp gyzy kükürtden boýag serişdesini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Maral Gullyýewa adaty kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu oýlap tapyş Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan bellige alyndy...

28.02.2026 13:00
3.6k+

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň barlaghanalary halkara akkreditasiýadan geçiriler

Türkmenistanda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanalaryny halkara akkreditasiýadan tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H...