OpenAI köp garaşylan funksiýany – ChatGPT-niň ses kömekçisini ýaýradyp başlady

  • 28.09.2024 22:02
  • 2.5k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT Plus we ChatGPT Team tölegli wersiýalara ýazylan ulanyjylar üçin ChatGPT-niň ses kömekçisi funksiýasyny işe girizýär. Ol, aslynda, dört aý mundan ozal anons edilipdi, ýöne howpsuzlyk meselelerini çözmek üçin onuň işe girizilmegi yza süýşürildi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

Ýazda ulanyjylaryň ýazuw üsti we wizual soraglaryna jogap berýän kömekçi hödürlendi. Ýöne iýul aýynda funksiýa diňe käbir müşderiler üçin elýeterli boldy. Indi OpenAI bäş sany täze ses goşup, olaryň umumy sanyny dokuza ýetirmek bilen, ses kömekçisine elýeterliligi giňeldýär.
OpenAI ses kömekçisiniň meşhur adamlaryň sesine öýkünmejekdigini, sebäbi munuň heniz görkeziş tapgyrynda tankytlara sezewar bolandygyny belledi. Iň uly dawaly waka aktrisa Skarlett Ýohanssonyň sesine meňzeş ses bilen baglanyşykly boldy.
Mundan başga-da, işläp düzüjiler awtorlyk hukugyny bozýan mazmunyň döredilmeginiň öňüni almak üçin süzgüçleri işe girizdiler. Şeýle ýagdaýda çat-bot anyklap, aýdymy ýa-da başga audio görnüşini döretmek haýyşyny ret eder.
Funksiýalaryň giňeldilendigine garamazdan, jogap gaýtarmak üçin smartfonyň kamerasyny ulanýan “kompýuter görşi” ýaly mümkinçilikler heniz elýeterli däl.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
965

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...