Ýaranyň bitişini tizleşdirýän öýjükleriň täze görnüşi ýüze çykaryldy

  • 28.09.2024 21:12
  • 3.3k+

Günorta Awstraliýanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk barlaglary institutynyň (SAHMRI) alymlary dokumanyň bitişinde möhüm rol oýnaýan endotel öýjüklerine we makrofaglara öwrülip bilýän endoMac nesil öýjüginiň täze görnüşini tapdylar. Barlagyň netijeleri Nature Communications žurnalynda çap edildi.

Uly syçanlaryň aortasynyň daşky gatlagyndan tapylan EndoMac şikes alnanda ýa-da gan aýlanyşygy bozulanda işjeňleşýär. Olar gan damarlaryny emele getirmek we dokumalaryň dikelmegine ýardam etmek bilen çalt köpelýärler.
Iki öýjük görnüşine differensirlenmäge ukyplydygy we adaty “öz” markerleriniň ýoklugy sebäpli EndoMac-lar öýjük transplantasiýasy üçin laýyk dalaşgär bolup biler. Adatça syçanlaryň süýji keselli we asla bitmeýän ýa-da bitmesi kyn ýaraly modellerinde geçirilen barlaglar birnäçe günüň içinde ýaranyň çalt bitýändigini görkezdi.
Alymlar EndoMac-y seljermegi dowam etdirmegi we adam bedenindäki bu öýjükleriň meňzeşini tapmagy meýilleşdirýärler.


şu gün 08:02
1.2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
909

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.6k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......