Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport boýunça wise-premýeri BAE-niň ilçisi bilen duşuşdy

  • 28.09.2024 14:54
  • 10k+

Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary boýunça wise-premýeri Baýramgül Orazdurdyýewa Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar bilim, saglygy goraýyş we sport babatda iki ýurduň arasyndaky bar bolan gatnaşyklaryň wajypdygyny nygtap,  hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmeklige gyzyklanma bildirdiler.
Ilçi Ahmed Al Hameli şeýh Mansur ben Zaid Al Nahaýýanyň adyndan hem-de wise-prezident, wise-premýer, BAE-niň prezident dolandyryşynyň Başlygy we daşary işler ministri şeýh Abdulla ben Zaidiň adyndan gutlag sözlerini beýan etdi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....