2025-nji ýylda Gyrgyzystanda “ýaşyl” şäheriň gurluşygy başlar

  • 28.09.2024 11:46
  • 6.7k+

2025-nji ýylda Gyrgyzystanda “ýaşyl” şäheriň gurluşygy başlar. Bu barada Nýu-Ýorkda geçirilýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow aýtdy diýip, Trend habar berýär.

“Geljek ýyl biz Kemine şäherinde “ýaşyl” şäheriň gurluşygyna başlarys. Biz ýurdumyzyň beýleki sebitleri üçin görelde bolup hyzmat etjek we geljekki nesiller üçin arassa tebigaty gorap saklamaga ýardam etjek “ýaşyl” şäheri gurmaga çalyşýarys. Men onuň ykdysady taýdan arassa, söwda, medeni-syýahatçylyk merkezi, innowasiýa we täze tehnologiýalar merkezi boljakdygyna ynanýaryn” – diýip, Žaparow aýtdy.

Prezident YssykKöl kölüniň kenarynda döwrebap we innowasion “Asman” şäheriniň gurluşygynyň eýýäm başlanandygyny belledi.
Onuň aýdyşy ýaly, Merkezi Aziýa ählumumy howpsuzlyk we dünýä ykdysadyýeti nukdaýnazaryndan möhüm sebite öwrülýär.

“Gyrgyzystan goňşy döwletler bilen bilelikde sebitiň durnukly ösüşi boýunça işleri dowam etdirýär. Gazagystan we Özbegistan bilen bilelikde sebitiň energiýa we suw zerurlyklaryny üpjün etjek Kambar-Ata-1 gidroelektrostansiýasyny gurýarys. Şeýle-de, biz söwda we ulag hyzmatdaşlygyny güýçlendirjek hem-de yklymyň Gündogar bilen Günbataryny birleşdirjek Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýolunyň gurluşygyna gatnaşýarys” – diýip, Prezident belledi. 


05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

30.04.2026 17:05
2.7k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.3k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......