Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Hasyl toýy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirer

  • 26.09.2024 15:43
  • 8.8k+

6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Hasyl toýy mynasybetli onlaýn görnüşde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirer.

Maslahata gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym we bilim ulgamynyň wekilleri – ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, professorlary, ylmy-barlag institutlaryň, ylmy gurmalaryň alymlary, bilermenleri, hünärmenleri çagyrylýar. Çäre türkmen, iňlis we rus dillerinde geçiriler.
Maslahat birnäçe tematiki ugurlar boýunça geçiriler. Şolaryň hatarynda

  • Agranomçylyk, bagbançylyk we ekologiýa;
  • Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek tehnologiýasy;
  • Zootehniýa we weterinar lukmançylygy;
  • Agroinženerçilik;
  • Oba hojalyk uniwersitetinde ynsanperwer we matematika ylymlary;
  • Ýeňil we dokma senagaty;
  • Suw gorlaryny dolandyrmakda we ulanmakda innowasion tehnologiýalar ugurlary bar.

Maslahata hödürlenilýän işler ozal çap edilen bolmaly däldir, bir awtor ýa-da iki bolup bilelikde ýazylmalydyr, yglan edilen tema laýyk gelmelidir hem-de ylmy-barlag işleriň netijelerini özünde jemlemelidir.
Maslahata gatnaşmak isleýänler 6-njy oktýabra çenli gatnaşyjynyň bellige alnan görnüşini, saýlap alan temasy boýunça syn berlen hasabatyň mazmunyny taýýarlamalydyrlar hem-de conference.tau@mail.ru elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidirler.
Bellige alnan görnüşiniň nusgasy, çykyşlaryň we synlaryň mazmunyny beýan etmegiň düzgüni, şeýle hem gatnaşyjylar üçin hemme giňişleýin maglumatlar S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň saýtynda ýerleşdirilendir.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....