1111 günläp kosmosda: Türkmenistanly kosmonawtyň taryhy rekordy

  • 26.09.2024 12:27
  • 15k+

23-nji sentýabrda Russiýanyň “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň “Soýuz MS-25” kosmos gämisi Ýere gaýdyp geldi. Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko kosmosda uzak wagtlap galmak boýunça täze dünýä rekordynyň eýesi boldy. Ol 5 gezek amala aşyran kosmos syýahatynyň netijesinde asman giňişliginde 1111 gün galdy. Mundan ozalky rekord 2015-nji ýylda başga bir rus kosmonawty Gennadiý Padalko tarapyndan goýlup, onuň asman giňişliginde bolan döwri 878 güne deňdir. Ol hem 5 gezek kosmos giňişligine syýahat etdi diýip, TASS habar berýär.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde (ozalky Çärjew şäheri) dünýä indi. Ol 1988-nji ýylda N.E. Žukow adyndaky Harkow awiasiýa institutyny “Uçýan enjamlaryň hereketlendirijileri” ugry boýunça tamamlap, inžener-mehanik derejesini aldy. 1986-njy ýylda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdi.
2012-nji ýylda RF-nyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy we halk hojalygy rus akademiýasynyň Wladimir şahamçasyny “döwlet we öz-özüni dolandyryş” ugry boýunça okuwyny tamamlady.
Oleg Kononeko 1988-nji ýylda zähmet ýoluna ýöriteleşdirilen konstruktor edarasynda başlady. Inžener, inžener-gurnaýjy boldy we inžener-gurnaýjy hökmünde I, II we III derejelere eýe boldy. Kosmos enjamlarynyň elektrik üpjünçiligi ulgamy boýunça degişli işleri alyp bardy.
1996-njy ýylda Ý.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş merkezine kabul edildi. Umumy kosmos taýýarlygyny geçenden soňra oňa 1998-nji ýylda “kosmonawt-synagçy” derejesi berildi.
2011-nji ýylyň ýanwarynda “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar topary döredildi we onuň düzümine Oleg Kononenko hem goşuldy.
Ilki bilen, ol II derejeli instruktor-kosmonawt-synagçy hökmünde işe başlady. 2012-nji ýylyň awgustynda I derejeli instruktor-kosmonawt-synagçy  derejesine eýe boldy.
Soňra dürli wezipelerde işlän Kononenko 2016-njy ýylyň noýabrynda instruktor-kosmonawt-synagçy we kosmonawtlar toparynyň serkerdesi wezipesine bellendi. 2021-nji ýylyň iýulyndan bäri kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygynyň orunbasary bolup durýar.
Oleg Kononenko ilkinji gezek 2008-nji ýylyň 8-nji aprelinde “Soýuz-TMA-12” kosmos gämisi bilen asman giňişligine çykdy. Şol gezek ol iki gezek açyk kosmos giňişligine çykdy we 2008-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda dolanyp geldi.
Onuň ikinji kosmos iş sapary 2011-nji ýylyň 21-nji dekabry - 2012-nji ýylyň 1-nji iýuly aralygynda boldy.
3-nji gezek 2015-nji ýylyň 23-nji iýuly - 11-nji dekabry aralygynda asman giňişligine iş saparyny amala aşyrdy. 4-nji saparyny 2018-nji ýylyň 3-nji dekabry - 2019-njy ýylyň 25-nji iýuny aralygynda ýerine ýetirdi.

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Soýuz MS-24” kosmos gämisi bilen 5-nji gezek kosmos giňişligine çykan Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynda “TASS” habarlar gullugynyň 4-nji gezek ýörite habarçysy wezipesini hem alyp bardy.
Ol 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda kosmos giňişliginde bolan döwrüni 1 müň gije-gündize ýetirip, kosmonawtika taryhynyň ilkinji agzasy bolupdy.
Ol bu döwürde 7 gezek açyk kosmosa çykyp, onuň dowamlylygy 44 sagat 30 minuta deň boldy.
Oleg Kononenko Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň eýesidir. Ol bu baýraga 2009-njy ýylda mynasyp boldy.
Şeýle hem ol Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany (2009). “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeniniň II, III we IV derejelerine eýe boldy we 2011-nji ýylda “Kosmosy özleşdirmek boýunça bitiren hyzmatlary üçin” medala mynasyp boldy.
Kosmos işi boýunça Ý.A. Gagarin adyndaky Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň baýragynyň eýesidir. Ol 2016-njy ýylda Niderlandlar Patyşalygynyň Oransk-Nassau ordeniniň eýesidir.
Şeýle hem Oleg Kononeko Russiýa Federasiýasynyň uçarman-kosmonawty harby derejesine eýedir. Kononenko Russiýa Federasiýasynyň Gagarin hem-de Korolew şäherleriniň hormatly ýaşaýjysy atlaryna mynasyp boldy.


şu gün 02:30
160

Balkanabatda «Galkynyş» toparynyň hormatyna dabaraly ýöriş geçirildi

Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Ýatlap geçsek, topar Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy...

düýn 18:09
3.6k+

Argentinada agramy 720 kilograma ýetýän äpet köke bişirildi

Argentinada 720 kilogram agramly däp bolan äpet alfahor kökesi taýýarlanyldy diýip, «La Capital S.A.» neşiri habar berýär. Konditerleriň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan guralan bu çäre Mar-del-Plata şäheriniň esaslandyrylmagynyň 152 ýyllygyna bagyşlandy...

düýn 14:40
858

«Melodiýa» orkestri Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert taýýarlaýar

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda özüniň ikinji uly konsertini geçirer. «“Melodiýa” äheňindäki bahar» atly konsert 6-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde bolar we Halkara zenanlar gününe bagyşlanar. Konsertiň maksatnamasyna Waleriý Meladzeniň we Grigoriý Lepsiň meşhur aýdymlarynyň orkestr üçin işlenip taýýarlanylan görnüşleri girizildi...

14.02.2026 15:23
11k+

2026-njy ýylda Türkmenistanda 900 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

2026-njy ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde aýtdy...