Türkmenistanyň Prezidenti raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi (Sanawy)

  • 25.09.2024 15:23
  • 29k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Sylaga mynasyp bolan raýatlaryň sanawy resmi metbugatda çap edildi.

Resminama laýyklykda, döwlet sylaglary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda işleýän raýatlary öz içine alýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýurdumyzyň raýatlaryna Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşuryldy.
Şeýle hem «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly atlar dakyldy.
Sylaga mynasyp bolan raýatlaryň doly sanawyny şu salgydan okap bilersiňiz.


şu gün 08:13
1.4k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
720

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......