374 günläp kosmosda: HKS-de iň dowamly missiýa tamamlandy

  • 24.09.2024 22:06
  • 15k+

“Roskosmosyň” kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub, şeýle hem NASA-nyň astronawty Treýsi Daýson kosmosda 374 gün bolanlaryndan soň Ýere gaýdyp geldiler. Bu missiýa Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) maksatnamasy boýunça iň uzak missiýa boldy diýip, “Roskosmos”-yň Telegram-kanalynda habar berildi.

“Soýuz MS-25” kosmos gämisiniň ekipažly düşýän moduly 23-nji sentýabrda aşgabat wagty bilen sagat 16:59-da  Gazagystanyň Žezkazgan şäheriniň golaýynda  gondy.
Kononenko bilen Çub 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryndan bäri HKS-dady, Daýson bolsa olara 2024-nji ýylyň martynda goşulypdy.
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko missiýanyň dowamynda birnäçe rekord goýdy, şol sanda ol umumy uçuş wagty 1111 gün - häzirki wagtda kosmosda jemi 1000 günden gowrak wagt bolan ilkinji adam.
Kononenko bilen Çubyň missiýasy dowamlylygy boýunça diňe kosmosda “Mir” stansiýasynda degişlilikde 438 we 380 gün geçiren Waleriý Polýakow bilen Sergeý Awdeýewiň uçuşlaryndan soň, ikinji ýerde durýar.


şu gün 11:02
556

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 17:08
10k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....