Türkmen wekiliýeti Hytaýyň ýokary okuw mekdebiniň 90 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

  • 24.09.2024 16:04
  • 3k+

19-21-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sýanýan şäherine sapary bolup, şol ýerde Oba we tokaý hojalygynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň şanly 90 ýyllyk senesi mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Çärede ýurdumyza Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti wekilçilik etdi.
20-nji sentýabrda dünýäniň dürli künjeklerinden kärdeşleriniň gatnaşmagynda Hytaýyň 1934-nji ýylda esaslandyrylan Oba we tokaý hojalygynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersiteti özüniň 90 ýyllyk şanly senesini uly dabara bilen giňden belledi.

Şanly senesi bellenilýän ýokary okuw mekdebiň hormatyna geçirilen çäreleriň çäklerinde Hytaýyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy guralyp, onuň barşynda ylmy maslahatlar we söhbetdeşlikler geçirildi, öňdebaryjy tejribeler alşyldy we hünär taýdan pikir alyşmalar boldy, mundan beýläk-de özara gatnaşyk etmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hytaý ýokary okuw mekdebiniň şanly senesi mynasybetli maslahatyň we dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň alym-sekretary Batyr Daňatarow çykyş etdi. Ol türkmen ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hytaýly kärdeşlerine gutlag hatyny dabaraly gowşurdy.
Türkmen wekiliýetiniň sapary Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Oba we suw hojalygynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyryldy. 
Ikitaraplaýyn resminama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriň arasynda özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, ylym we bilim, tehnologiýalaryň ösüşi we innowasiýalar babatda netijeli işler alnyp barylýar.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......