Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan oktýabrda Türkmenistana geler

  • 24.09.2024 15:15
  • 5.2k+

Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçisi Ruben Harazýan "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde neşir edilen makalasynda habar berýär.

Ilçi Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda özara ynanyşmaklyga esaslanýan berk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny nygtady. Söwda, ykdysadyýet, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Waagn Haçaturýanyň saparynyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlyga aýratyn üns berler.
Mundan başga-da, Haçaturýan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyna gatnaşar. Forum 11-nji oktýabrda dünýä ýurtlarynyň birnäçesiniň döwlet hem hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriler.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......