Oleg Kononenko bir uçuşyň dowamynda kosmos stansiýasynda bolmagyň dowamlylygynyň rekordyny täzeledi

  • 23.09.2024 15:31
  • 13k+

Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko we onuň kärdeşi Nikolaý Çub bir uçuşyň dowamynda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdular. Bu barada «Roskosmos» döwlet korporasiýasy habar berýär.

Kononenko we Çub 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda "Soýuz MS-24" gämisinde HKS-e bardylar. Kosmonawtlar Sergeý Prokopýewiň, Dmitriý Peteliniň we Fransisko Rubionyň dowamlylygy 370 gün 21 sagat 22 minut we 16 sekunt bolan rekordyny täzelediler.
Täze rekord eýeledi 20-nji sentýabrda 18:06:51-de (Aşgabat wagty bilen) bu wagty geçdiler. Olar şu gün - 23-nji sentýabrda "Soýuz MS-25" gämisinde Ýere dolanarlar. Bu wagta çenli olaryň rekordy 374 güne deň bolar.
Bu rekorddan başga-da, Oleg Kononenko eýýäm kosmos uçuşlarynyň jemi dowamlylygy boýunça 1000 güne ýeten taryhda ilkinji kosmonawt boldy.
Şol bir wagtda iň dowamly kosmos uçuşyny russiýaly Waleriý Polýakow ýerine ýetirdi. Ol "Mir" orbita toplumynda 1994-nji ýylyň ýanwaryndan 1995-nji ýylyň martyna çenli jemi 437 gün 17 sagat 58 minut 17 sekunt geçirdi.


şu gün 11:02
556

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......