Mukamlar köşgünde halkymyzy we Watanymyzy wasp edýän konsert geçirildi

  • 23.09.2024 12:09
  • 3.2k+

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly,//Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler diýip, TDH habar berýär.

Konsert maksatnamasy «Halkymyzyň çüwen bagty Arkadagly Serdarym» atly aýdym bilen açyldy.
Soňra dabara ussat aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen «Ak ýollaryň şamçyragy Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda halkymyzyň döwlet Baştutanymyza buýsanjy şahyrana dilde beýan edildi.

Dabara Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş türkmenistanlylaryň çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy. «Bagtyýarlyk aýdymy» atly aýdym-sazly tans kompozisiýasy şatlyk-şowhuna beslenip, onda «Güneş» çagalar hory, «Ruhubelent çagalar», «Şowhun» çagalar tans toparlary zehinini görkezdiler. Konsert maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baý öwüşginleri, onuň görnüşleriniň, döredijilik mekdepleriniň köpdürlüligi öz beýanyny tapdy. Sahna bezegi, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary, joşgunly tanslar tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Aýdym-sazly dabara meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlar Türkmenistanyň okgunly ösüşlerini görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen «Ýaşa, ýaşa, ýaşa Siz, uzak ýaşaň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!», «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly», «Uzak ýaşaň, Arkadagly Serdarymyz!» atly aýdymlar dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
«Laçyn», «Näzli», «Serpaý», «Galkynyş», «Meňli» tans toparlarynyň ýokary çeperçilikdäki tanslary tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen “Aşgabat” atly aýdym konsertiň şowhunyny has-da belende göterdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň birleşen folklor-tans toparlarynyň «Bäş welaýat — bäş dogan alkyşlaýar Arkadagly Serdary» atly göwün göteriji çykyşy her bir güni beýik ýeňişlere, zähmet üstünliklerine, umumymilli dabaralara beslenýän watandaşlarymyzyň kalbynyň senasy bolup ýaňlandy.
Dabara «Ömrüň uzak bolsun, Arkadagly Serdarymyz!» atly watançylyk aýdymy bilen jemlendi.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......