Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentiniň doglan gününi gutlaýarlar

  • 22.09.2024 15:04
  • 18k+

Şu gün, 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan güni. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny dünýä Liderleri gutlaýarlar. TDH agentligi Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen Gutlag hatlaryny ýetirýär.

"Sizi Russiýada ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň tarapdary hökmünde tanaýarlar. Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň hatyrasyna Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn" diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hatynda aýdylýar.

"Geçen ýyl biz Siziň bilen iki gezek duşuşyp, hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny, şeýle hem Hytaý bilen Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşiginiň” durmuşa geçirilýändigini yglan etdik, iki döwletiň arasynda däp bolan dostlugy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze meýilnamalary kesgitledik. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Siziň bilen bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn" - diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin belleýär.

"Gazagystanda doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýärler. Gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza, köpugurly döwletara gatnaşyklarymyzy hil taýdan täze derejä çykarmak babatda umumy asylly maksadymyza ýetmek boýunça tagallalary goldaýandygyňyza ýokary baha berýärin" diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belleýär.

"Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigimizi ýene bir gezek beýan etmek isleýärin. Bilelikdäki tagallalarymyz esasynda doganlyk halklarymyzyň bähbidine Täjigistanyň we Türkmenistanyň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam etjekdigimize ynanýaryn" diýip, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon belleýär.

"Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen baglanyşan halklarymyzyň bähbidine Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tagallalarymyzy dowam etdirjekdigimize ynanýaryn" diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew belleýär.

"Bilelikdäki tagallalarymyz bilen gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürjekdigimize berk ynanýaryn. Işjeň syýasy dialogymyz bolsa özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlarda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder" diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow belleýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglaryny şeýle hem Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew, Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani dagy iberdi.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....