Türk lukmanlary siam ekizlerini biri-birinden üstünlikli aýyrdylar. Operasiýa 14 sagat dowam etdi

  • 22.09.2024 13:34
  • 22k+

Bilkent şäher hassahanasynda (Ankara, Türkiye) kelleleri bitişik siam ekizlerini bir-birinden aýyrmak boýunça üstünlikli operasiýa geçirdiler. Operasiýa 14 sagat dowam etdi we Londonyň Greýt-Ormond-Strit keselhanasynda işleýän çaga neýrohirurgy Nur ul Owase Jilani tarapyndan geçirildi diýip, Sky News habar berýär.

Ýaş hassalar pakistanly bir ýaşan uýalar Minal bilen Mirhun. Olaryň beýni gan damarlary we dokumalary umumydy.
Iň çylşyrymly hirurgiki operasiýa taýýarlyk üç aý dowam etdi we iki tapgyry öz içine aldy. Lukmanlar operasiýa taýýarlanmak üçin 3D şekilleri hakyky dünýä bilen birleşdirýän garyşyk hakykat (MR) tehnologiýasyny ulandylar. Jilaniniň sözlerine görä, çagalaryň ýagdaýy durnukly we ýakyn wagtda olar watanyna gaýdyp bilerler.

Nur ul Owase Jilani ozal şuňa meňzeş operasiýalara gatnaşypdy. 2022-nji ýylda ol braziliýaly üç ýaşly siam ekizlerini biri-birinden aýrypdy hem-de degişlilikde 2021-nji we 2019-njy ýyllarda ysraýylly we pakistanly näsaglary şular ýaly operasiýa edipdi.
Daily Mail bitişik ekizleriň ömrüniň gysga bolýandygyny belleýär. Olary aýyrmak boýunça amallar gaty seýrek geçirilýär we operasiýa gaty çylşyrymly. Ilkinji şeýle operasiýa 1987-nji ýylda amerikaly hirurg Benjamin Karson tarapyndan geçirilipdi. 1987-nji ýylda ol nemes ekizleri Patrik bilen Benjamin Binderleri aýrypdy. Olar operasiýadan soň aman galdylar, ýöne hijem özbaşdak ýöräp we gepläp bilmediler.


20.06.2026 12:08
7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......